ÝURDUMYZYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY TAÝÝARLYKLARYNYŇ ÝOKARY DEREJESINI GÖRKEZDILER
4372026-njy ýylyň 26-njy ýanwary — 7-nji fewraly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika dersi boýunça olimpiada geçirildi.
Bu olimpiada her ýyl Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, olaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga ýardam berýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda badalga berlen bäsleşik 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde bolup, 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda onuň 1-nji tapgyry etraplarda (şäherlerde) geçirildi. 30-njy ýanwarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda olimpiadanyň 2-nji tapgyry guralyp, onda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, her welaýatdan tapawutlananlar olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Informatika olimpiadasynyň 3-nji — jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň çar künjeginden zehinli ýaşlar paýtagtymyza geldiler. Olar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlarynyň, talyp ýaşlarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisine aýlanyp gördüler. Uniwersitetiň fakultetleri, hünärleri, ylmy gurnaklary we olarda okamak, ylmy işleri alyp barmak, tebigy, takyk ylymlary, şol sanda informatika dersini öwrenmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Jemleýji tapgyra 100 okuwçy gatnaşyp, ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Informatika olimpiadasynyň jemleýji dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.
11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda 3 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji orun kesgitlenildi. Aşgabat şährindäki 86-njy orta mekdebiň okuwçylary Jalaleddin Nurkulyýew, Hojamuhammet Hydyrow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Şasenem Muhammetmyradowa dagy birinji orna eýe boldy.
12-nji synp okuwçylaryň arasynda 4 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji orun bolup, Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdepden Yhlas Amanmyradow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinden Atageldi Allaberenow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 31-nji orta mekdepden Mergen Annaýew, «Olimp» orta sport mekdebinden Ymammuhammet Purmuradow birinji orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlara eýe bolanlaryň arasynda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň, 6-njy, 83-nji, 91-nji orta mekdepleriň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň, Babadaýhan etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji, 24-nji orta mekdepleriň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň, Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň, Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň, Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň, Ýolöten etrabyndaky 2-nji, 40-njy orta mekdepleriň, Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň okuwçylary bar.
Bu olimpiada okuwçylaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Oňa gatnaşan okuwçylar degişli ders boýunça taýýarlygynyň ýokary derejededigini görkezdiler.