«WORLD YOUTH STEM INVENTION INNOVATION» TASLAMA BÄSLEŞIGINDEN ALTYN MEDAL WE KUBOK BILEN DOLANDYLAR

270
2026-njy ýylyň 29-nji ýanwary — 2-nji fewraly aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Malaýziýanyň Ýaş alymlar guramasynyň guramagynda «Dünýä ýaşlarynyň STEM oýlap tapyşlary we innowasiýalary — 2026» (World Youth Stem Invention Innovation (WYSII — 2026) atly taslamalar bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Bu bäsleşik «Jemgyýetiň geljegi üçin innowasiýalar» temasyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistan döwletimiz bilen bir hatarda 10 döwletiň, ýagny Malaýziýanyň, Tailandyň, Italiýanyň, Polşanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Filippinleriň, Meksikanyň, Bangladeşiň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 900-den gowrak ylmy, innowasiýa taslamalary hödürlenildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Kurbanow we melioratiw işleri mehanizmleşdirmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Muhammetaly Hangeldiýew bäsleşigiň emeli aň, sanly innowasiýa ugry boýunça «Synçy» web-programmasy bilen gatnaşyp, altyn medala we ýörite kuboga eýe boldular.

«Synçy» web-programmasy kitaplaryň hilini kämilleşdirmekde, kitap okamaga höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Oňa awtorlar kitaplaryny, ýazan işlerini ýükleýärler, olary okan okyjylar eden bellikleri, ýüze çykaran ýalňyşlyklary üçin höweslendirilýär. Bu saýt awtor bilen okyjynyň arabaglanyşygyny ösdürýär. Web-programmada emeli aň kömekçi hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, Yhlas Kurbanow 2025-nji ýylyň 24 — 28-nji sentýabry aralygynda Malaýziýanyň Saýberjaýa şäherinde ýurduň Ýaş alymlar guramasy bilen Multimedia uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigine hem gatnaşyp, üstünlik gazanypdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52