TALYBYMYZ BUHARA HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA ÝEŇIJI BOLDY
2412026-njy ýylyň 25 — 29-njy ýanwary aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika we himiýa dersleri boýunça halkara olimpiadalar geçirildi. Buhara döwlet uniwersitetiniň Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guran bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Ildeşlerimiz bu abraýly bilim bäsleşiklerinde ajaýyp netijeleri görkezip, jemi 46 medal — 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar.
Olimpiadalar birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirildi. Olara 10-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Özbegistandan, Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan, Täjigistandan 500-den gowrak talyp, 100 topar gatnaşdy.
Buhara halkara matematika olimpiadasynda (Bukhara International Mathematics Olympiad — 2026 (BIMO — 2026) matematiki analiz, çyzykly algebra, san teoriýasy we kombinatorika boýunça mysal-meseleler, ýumuşlar hödürlenildi. Onda uniwersitetimiziň gidromeliorasiýa fakultetiniň gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Bazar Annamow 2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.
Ýokary okuw mekdeplerimiziň halkara derejedäki üstünlikleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygaryndan ruhlanýan professor-mugallymlardyr talyp ýaşlaryň belent maksatlaryň, kämilligiň ýolunda barha öňe barýandygynyň şaýadydyr.