Orta mekdep olimpiýada

201
INFORMATIKA OLIMPIADASYNYŇ II TAPGYRYNYŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

     30-31-nji ýanwar aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Informatika olimpiadasynyň II tapgyry üstünlikli jemlendi.
     Netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Bu bäsleşik häzirki zamanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, okuwçylaryň informatika dersi boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga hem-de orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Şeýle hem, ýaşlaryň geljekki hünär saýlawyna we hünär endiklerini kemala getirmegine itergi berýär.
III (jemleýji) tapgyryň tertibi
Olimpiadanyň jemleýji tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda sagat 10:00-da başlanýar:
5-nji fewral: 11-nji synpa çenli okuwçylary;
6-njy fewral: 12-nji synp okuwçylary.
Bellik: Her welaýatdan saýlanan okuwçylaryň tertip-düzgünine we gatnaşygyna mekdep tarapyndan berkidilen mugalymlar jogapkärçilik çekýärler.
Olimpiadanyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň 7-nji fewralynda uniwersitetiň binasynda geçiriler. Bäsleşikde ýokary netije görkezen ýaşlar I, II we III derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.
      Ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52