UNIWERSITETIMIZDE FAO-nyň WEKILLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA DUŞUŞYK WE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
512026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) «Oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmegiň tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmaklyga ýardam bermek» atly taslamasynyň çäklerinde, guramanyň wekilleriniň professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilen duşuşygy hem-de okuw maslahaty geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýä döwletleri, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýaly halkara guramalar bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) we beýleki düzümleriniň, halkara hyzmatdaşlaryň dürli ugurlara degişli taslamalaryna, maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Ýeri uzak aralykdan zondirlemek boýunça umumy okuwda bu ugurda öňdebaryjy häzirki zaman tehnologiýalary hakynda pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýeri uzak aralykdan zondirlemek ýer üsti hakynda gyssagly, toplumlaýyn maglumat almaga mümkinçilik berýär. Ol tebigy serişdeleri dolandyrmakda, olara gözegçiligi güýçlendirmekde, maglumatlary gysga wagtda seljermekde we oba hojalygynyň, ekologiýanyň, geodeziýanyň, kartografiýanyň, meteorologiýanyň möhüm meselelerini döwrebap çözmekde ähmiýetlidir.
Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleriniň, ýer ulanyş, IT we uzak aralykdan zondirlemek boýunça daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda uzak aralykdan zondirlemegi ýokary bilime girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýer gurluşygy we kadastrlar hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar «Geodeziýa», «Ýer gurluşygynyň taryhy», «Oba hojalyk kartalaryny düzmek», «Ýer hukugy», «Ýerden peýdalanyşyna döwlet gözegçiligi», «Ýer gurluşygynda geodeziýa işleri», «Ýer gurluşyk taslamasy», «Ýer kadastry», «Ýer kadastr maglumatlaryny oba hojalygynda peýdalanmak», «Ýer gurluşyk işlerini guramak we meýilnamalaşdyrmak», «Ýer baýlyklaryny ulanmakda çaklamak we meýilleşdirmek», «Ýer gurluşyk çyzuwy», şeýle-de bu ugurda ylmy barlaglaryň esaslary boýunça bilim-düşünjeleri özleşdirýärler. Bellenilişi ýaly, bu hünäriň ýörite hünär dersler toplumynda uzak aralykdan zondirlemek boýunça bilimler talyp ýaşlara öwredilip, durmuşa geçiriljek taslamalar ony has-da çuňlaşdyrmaga ýardam eder.
Umuman, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň ýurdumyza iş saparynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär.