ÝURDUMYZYŇ 11-12-nji SYNP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA INFORMATIKA BOÝUNÇA OLIMPIADA GEÇIRILER

65
2026-njy ýylyň 26-njy ýanwary — 7-nji fewraly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika dersi boýunça olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.

Ýurdumyzyň ýokary synp mekdep okuwçylaryny Informatika olimpiadasyna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Onuň düzgünnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň maglumatlaryny doldurmak üçin nusgany şu ýerden ýükläp bilersiňiz! 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52