«ENELERIŇ GÖRELDESI — ZENANLARYŇ ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

82
2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda «Eneleriň göreldesi — zenanlaryň ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler talyp gelin-gyzlaryň arasynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işler, şeýle-de milli däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, edep kadalarymyz, ruhubelent we sagdyn ýaşamak hakynda giňişleýin beýan etdiler.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygarynyň many-mazmuny, döwlet ýaşlar syýasaty barada aýratyn nygtaldy.

Eneleriň göreldesiniň zenanlaryň ýörelgesi bolmalydygyna bagyşlanan bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar, maşgala mukaddesliginiň many-mazmuny wagyz edildi. Zenanlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegi, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrundaky asylly işler biziň her birimizi buýsandyrýar.

Türkmen zenanlarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, milli ýörelgelerimizi dowam etmekde we nesil terbiýelemekde alyp barýan işleri dogrusynda hem aýratyn bellenildi. Türkmen zenany baradaky «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzyldan halka», «Gyzly öý — soltanly öý», «Gyzly öýe kyrk at baglanar», «Gyzly öýe  rehnet ýagar» ýaly nakyllardyr atalar sözlerinden gelin-gyzlarymyza, mährem enelerimize näderejede hormat-sarpa goýulýandygy äşgärdir. Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleriň içinde hem zenanlaryň bolmagy, olaryň görkezen nusgalyk ýoly ýaşlar üçin  görelde mekdebidir.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52