«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI DABARA

221
2026-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Atym bar — ganatym bar» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Onda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikdäki teklibini goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu çözgüt Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen kabul edildi. Bu şygar, täze ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny älem-jahana ýaýar.

Türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýýän bagtyýar halkymyzy täze ýyl maksat-myrada ýetirer. «At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, bu ýyl her bir öý-ojakda toýa beslenip, toýlarymyz toýa ulaşar. Ata Watanymyzyň şan-şöhraty, bedew bady dowamat-dowam bolar.  2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolup, täze ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Dabarada 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, ähli halkymyza tüýs ýürekden gutlaglar aýdyldy.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň maglumat ulgamlary we 
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, 
uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52