TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

18
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Täze ýyl baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri hakynda buýsançly çykyşlar diňlendi.

Dabarada 2025-nji ýylyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin uly üstünlikli, rowaç ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň meýilnamasy» guramaçylykly ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «World University Rankings 2025» sanawynda, durnukly ösýän, «ýaşyl» ýokary okuw mekdebi hökmünde «GreenMetric» sanawynda mynasyp orun aldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň «Bitaraplyk — parahatçylyk we ynanyşmak ýoly» atly makalalar, goşgular ýygyndysy çapa edildi, «Garagum» edebiýat birleşmesiniň agzalarynyň arasynda «Bitaraplyk bagty — ylham gözbaşym» döredijilik bäsleşigi ylham joşgunyna beslendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 baýrak hem-de höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi geçirildi. Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat, «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigi, STEM ulgamy boýunça «Bilim — parahatçylygyň gözbaşy» atly bilim bäsleşigi geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepeleriniň talyplarynyň arasynda IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy, ýurdumyzyň orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigi zehinli ýaşlary höweslendirdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň ençemesi guraldy. 

Bulardan başga-da, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen bilim ojagynyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygy nygtaldy. Golaýda Niderlandlar Patyşalygynyň Wageningen ylmy-amaly gaznasynyň we Wageningen uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynyň, sebitleýin oba hojalyk uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 2025-nji ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty» Milli barlag uniwersitetiniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, 6 — 17-nji iýuly aralygynda bolsa talyplarymyz bu institutda tejribelik geçdiler. Şu ýylyň 13 — 20-nji sentýabry aralygynda Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymlary, Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary Germaniýada, Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler.

2025-nji ýylda uniwersitetiň talyplarynyň halkara olimpiadalarda we ders bäsleşiklerinde 15 sany altyn, 30 sany kümüş, 23 sany bürünç medal eýeländikleri, 10 sany I orna, 20 sany II orna, 24 sany III orna mynasyp bolandyklary aýdyldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Karary esasynda, bu ýokary okuw mekdebiniň 4 mugallymy ýeňiji diýip yglan edildi. Uniwersitetimiziň mugallymy,  4 talyby Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.

Sport ýaryşlarynda uniwersitetiň wekilleriniň 10-sy I orna, 4-si II orna, 22-si III orna mynasyp boldular.

Çykyş edenler golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiklerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň umumy bal hasabynda 27 ýokary okuw mekdebiniň arasynda 3-nji orny eýelemeginiň guwandyryjydygyny bellediler. 

Täze ýyl dabarasynda ajaýyp gutlaglar şirin aýdym-sazlar, owadan tanslar bilen utgaşdy. 

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Bedew ýyly göwnüňize ganat, ömrüňize zynat bersin! Berkarar döwletimiziň bedew bady hemişe belent bolsun! 

Täze ýyl her birimize, ähli öý-ojaga bagt, rysgal-döwlet getirsin! 

Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52