HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA ÜSTÜNLIK GAZANANLAR SYLAGLANDYLAR
252025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Täze ýyl baýramy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda üstünlik gazanan professor-mugallymlary, işgärleri we talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabarada 2025-nji ýylyň Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin uly üstünlikli, rowaç ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem şeýle üstünlikleriň dowamat-dowam boljakdygyna ynam bildirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.
Soňra Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym, oba hojalyk, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, talyp ýaşlara döwrebap bilim bermekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary, talyp ýoldaşlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanyp, ýurdumyzda hem-de halkara derejede gazanan üstünlikleri üçin, ýokary okuw mekdebimiziň halkara abraýyny belende götermäge goşan şahsy goşantlaryny, ylym-bilim, döredijilik üstünliklerini, ýokary ussatlygyny nazara alyp, Täze ýyl baýramy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlaryna, işgärlerine we talyp ýaşlaryna sylaglar gowşuryldy.
Şeýle-de «Talyp joşguny — 2025», «Bitaraplyk bagty — ylham gözbaşym» atly döredijilik bäsleşiklerinde üstünlik gazananlar sylaglandy.
Dabara uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.