BITARAPLYK BINASYNA WE ONUŇ MUZEÝLERINE GEZELENÇ

25
2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan Bitaraplyk binasyna we onuň muzeýlerine, «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasyna baryp gördüler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň taýýarlan Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň Bitaraplyk binasyndaky muzeýlere gezelençlerini guramagyň meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýylynyň şöhratly taryhyny, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalaryny şöhlelendirýän gymmatlyklar tanyşdyryldy. Bu binalarda we muzeýlerde Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ajaýyp miweleri şöhlelenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, şol sanda «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň ýerleşdirilmegi muzeý gymmatlyklarynyň baý mazmunyny görkezýär. Muzeýdäki halkara ähmiýetli möhüm resminamalardyr gymmatlyklar, 3 ölçegli şekiller, fotosuratlar, haly we beýleki amaly-haşam sungat eserleri ýurdumyzda, sebitde we dünýäde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolan Bitaraplyk doktrinamyzy, parahatçylykly ýaşamak medeniýetimizi wasp edýär.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary Bitaraplyk binasynyň ata Watanymyzyň, dünýä döwletleriniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary belentde parlaýan meýdançasynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Hemişelik Bitaraplyk taglymatyny dünýä derejesinde ösdürýän hem-de dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny, il-ýurt, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52