SYLAGLARYŇYZ GUTLY BOLSUN!

13
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllyk baýramy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin hem hoş habarlara, üstünliklere beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynyň bölüm müdiri Begenç Italmazowiç Saparlyýew «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy.

Bu sylag Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlary, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti nazara alnyp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň ençemesine gowşuryldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Allaberdi Kakabaýewiç Gapurow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik (altyn we kümüş) nyşanlar toplumy bilen sylaglandy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzasy Italmaz Saparlyýew döwlet sylagyna mynasyp boldy. Şeýle-de oňa «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany gowşuryldy. 

Biz hem olary mynasyp bolan sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde hem ylym-bilim, döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52