TÜRKMEN ALABAÝ ITLERINI ÖSDÜRIP ÝETIŞDIRMEK DÄPLERI — ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNDA

509
17-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş okuw binasynyň foýesinde guralan türkmen alabaýlaryny wasp edýän sergä tomaşa etdiler. Sergide ýokary okuw mekdebiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda talyplara bilim berlişi, alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilişi baradaky gymmatlyklar görkezildi.

Hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň at gazanan itşynaslary, weterinar lukmançylygy fakultetiniň professor-mugallymlary, kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyplar hem gatnaşdylar. 

Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýene bir hoş habary —Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bu üstünligiň, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni diplomatiýasynyň ajaýyp miwesidigini buýsanç bilen bellediler. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň adamzat gymmatlygy hökmünde bu abraýly sanawa goşulmagy ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy.

Şu ýylyň 8 — 13-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň dowamynda bu çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjyny komitetiň 24 agzasy biragyzdan goldady. 

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we bimöçber aladalary netijesinde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmakda, tohum arassalygyny gorap saklamakda, milli itşynaslygyň dünýä nusgalyk ýörelgelerini döwrebap derejede dowam etdirmekde hem-de itşynaslarymyza ähli mümkinçilikleri döretmekde köpugurly işler durmuşa geçirilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlarynyň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medalyň döredilmegi milli gymmatlyklarymyza döwlet derejesinde belent sarpa goýulýandygynyň güwäsidir.

Ýurdumyzda pudagy itçilik we kinologiýa işi babatda hünärli işgärler bilen üpjün etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bakalawr maksatnamasy esasynda kinologiýa taýýarlyk ugry hereket edýär. Bu ugurda geljekki kinologlara milli itşynaslyk mekdebiniň inçe syrlary dünýä kinologiýasynda gazanylanlar bilen utgaşykly öwredilýär. 

Maslahata gatnaşyjylar itşynaslar, türkmen alabaýlary barada bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bagtyýar ÇAKANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa 
taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52