MUGALLYMYMYZ AGROBIOTEHNOLOGIÝA BOÝUNÇA OKUWLARA GATNAŞDY
36S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa fakultetiniň tokaý we seýil bag hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allakulyýewa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde okuw saparynda boldy. Ol Skolkowo ylym we tehnologiýa instituty bilen Aleksandr Mihaýlowiç Gorçakow adyndaky jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw Gaznasynyň bilelikde guramagynda geçirilen agrobiotehnologiýa boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdy.
Geçirilen okuwlaryň maksady agrobiotehnologiýanyň agrosenagat toplumynyň ösüşindäki ornuny kämilleşdirmekden we biotehnologiýany giňişleýin öwrenmekden ybarat boldy. Bu sapar hünär derejesini ýokarlandyrmakda, ylmy taslamalary durmuşa geçirmekde tejribe, pikir alyşmakda örän netijeli boldy.
Şeýle saparlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi, ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.