UNIWERSITETIMIZIŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MAKALALAR, GOŞGULAR ÝYGYNDYSY ÇAP EDILDI

20
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ata Watanymyz hem-de dünýäniň halklary üçin örän ähmiýetli senäniň — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynyň belent paýhasyndan ruhlanýan professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň «Bitaraplyk — parahatçylyk we ynanyşmak ýoly» atly makalalar, goşgular ýygyndysy çap edildi.

Kitap hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk we parahatçylyk hakynda dürdäne jümleleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry bilen başlanýar. Onuň başynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzasy Italmaz Saparlyýewiň «Bitaraplyk — parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly sözbaşy makalasy ýerleşdirilipdir. 

Kitabyň başyndaky S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Allaberdi Gapurowyň «Bitarap Türkmenistanyň durnukly oba hojalygy» atly makalasynda nygtalyşy ýaly, oba we suw hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak esasynda azyk bolçulygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň dowam edýän ylmy esasly özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda oba zähmetkeşlerimiziň gazanýan üstünlikleri ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant bolmak bilen birlikde, oba hojalygyna «ýaşyl» ykdysadyýetiň usullaryny, «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň miweleridir. 

Ýygyndydaky «Bilim özgertmeleriniň rowaçlanýan ýyly», «Azyk howpsuzlygy — parahat ösüş», «Bitaraplyk we parahatçylyk ýoly», «Bitarap Türkmenistan «EKSPO» bütindünýä sergilerinde», «Ýokary bilimde durnukly ösüş maksatlary», «Açyk gapylar» syýasaty — halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösüş ýoly», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary», «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň paýhas mekdebi», «Bitaraplyk — ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm guraly», Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga göreldämiz», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry», «Milli gymmatlyklaryň gözbaşy we halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleri» atly makalalarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalary, şöhratly menzilleri hakynda söz açylýar. Şeýle-de onda parahatçylyk we ynanyşmak geostrategiýasy, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy, Bitaraplygyň dünýä parahatçylygynyň nyşanydygy, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň milli demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýandygy, Bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekde halypa-şägirtlik ýolunyň orny barada makalalar ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, kitapda bagy-bossan Diýarymyzyň tokaý zolaklary,  oba hojalyk pudagynda dünýä tejribesi, ýurdumyzda oba hojalygynyň ösüşleri, türkmen bedewiniň  parahatçylygyň ilçisidigi, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy hakynda makalalar bar. 

Kitapda ýerleşdirilen goşgular bolsa Bitaraplyk bagtynyň waspnamasydyr. Bu ýygyndy ýurdumyzyň baýry bilim ojagynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna mynasyp döredijilik sowgadydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52