GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!
212025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Onuň umumy mejlisinde türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygyň kepilidigi, taryhy kökleri we aýratynlyklary, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri hakynda çykyşlar diňlendi. Nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Bitaraplygyň mekany bolan Türkmenistan milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.
Maslahatda BMG-niň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti, halkara gatnaşyklarda ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada aýdanlary dogrusyndaky çykyşlara aýratyn orun berildi.
Uly buýsanç bilen bellenilişi ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ata Watanymyz hem-de dünýäniň halklary üçin örän ähmiýetli senäniň — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryndan ruhlanýan professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň «Bitaraplyk — parahatçylyk we ynanyşmak ýoly» atly makalalar, goşgular ýygyndysy çap edildi. Şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň «Garagum» edebiýat birleşmesiniň agzalarynyň arasynda geçirilýän «Bitaraplyk bagty — ylham gözbaşym» atly döredijilik bäsleşigine hödürlenýän işlerde Bitaraplyk ýalkymyndan nurlanýan türkmen obasynyň beýik özgerişleriniň wasp edilýändigine üns çekildi.
Soňra ylmy-amaly maslahat «Bitaraplyk — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň kepili», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: Durnukly ösüş ýolunda netijeli hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi.
Olarda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde, aýratyn-da, «Hakyda göwheri», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, waspy, halkymyzyň aňynda «Garaşsyzlyk» we «Bitaraplyk» düşünjeleriniň aýrylmaz baglanyşykly we mukaddes düşünjelerdigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary, energetika, ulag we ekologiýa diplomatiýasy hakynda gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynyň belent paýhasy wasp edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan çykyşlaryna — Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän çykyşlara tomaşa etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyryp, dünýä nusgalyk Bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.