WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
295-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Içeri işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ylalaşylan meýilnama esasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Тäze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, 3-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şu günler paýtagtymyz toý keşbinde, ýurdumyz şanly toýa taýýarlanýar. Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forumynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda 9-10-njy dekabrda Awazada «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat hem geçiriler. Olara S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Duşuşykda talyp ýaşlara sagdyn durmuş kadalary we milli ahlak ýörelgeleri, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, tertip-düzgünlilik hakynda maslahatlar berildi.
Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy, abadançylygy üpjün etmegiň, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar, ömürleriniň uzak, ähli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.