ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ 3 DERS BOÝUNÇA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
6624 — 26-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Buýrugyny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.
Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Bäsleşige üç ders boýunça jemi 98 talyp gatnaşdy. Onda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeler gazanan talyplar degişlilikde I, II, III orunlara mynasyp boldular hem-de diplomlar bilen sylaglandylar.
Olar okamak, öwrenmek, zehin-başarnygyňy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar.