SEBITIMIZDÄKI OBA HOJALYK UNIWERSITETLERINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK HAKYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI
212025-nji ýylyň 18 — 22-nji noýabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Allaberdi Gapurow «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Oba hojalyk pudagyndaky ýokary bilimi, howanyň üýtgemegine garşy göreş we ylmy-amaly ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäginde Aziýa ösüş bankynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň «Wageningen» ylmy-amaly gaznasynyň we «Wageningen» uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynyň hem-de sebitleýin oba hojalyk uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahata Türkmenistan döwletimiz bilen bilelikde Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Saparyň çäginde Aziýa ösüş bankynyň, «Wageningen» ylmy-amaly gaznasynyň, «Wageningen» uniwersitetiniň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi hem-de Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamany utgaşdyryjylaryň, alyp baryjylaryň we rektorlaryň çykyşlary guraldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «ýaşyl» başarnyklaryň ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryp, bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda köptaraplaýyn Ylalaşygyň sebitimizde «ýaşyl» başarnyklary ösdürmekde, ýokary bilimiň hilini kämilleşdirmekde, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde örän netijeli boljakdygy barada belledi.
Maslahatda howa şertlerine uýgunlaşdyrylan oba hojalygy boýunça bilim ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek, bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek Ylalaşygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle-de ylmy barlaglary we maglumat berşi berkitmek üçin «Ýaşyl» oba hojalygy» sebit merkezini döretmek hakynda pikir alşyldy.