ZÄHMET KANUNÇYLYGY BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GURALDY
452025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde gutardyş ýyl talyplaryň arasynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça düşündiriş wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Baş prokuraturasy Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler «Orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan işler, «Ýokary we orta hünär bilimi edaralarynyň uçurymlarynyň işe ýerleşmeklerine ýardam bermek we gözegçilik etmek boýunça Gözükdirijiniň» maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirdiler. Hususan-da, taýýarlygyň ugurlaryna we hünärlerine laýyklykda uçurymlaryň işe ýerleşmeklerine ýardam bermek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hünärmenlere bolan zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagyny gazanmak, iş berijileriň sargytlary esasynda uçurymlary seçip almagyň bäsleşiklerini geçirmek ýaly maksatlar we wezipeler boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýanyny tapýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, zähmet hukugy we bazary babatda döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.