HAKATON BÄSLEŞIGI USSATLARY SAÝLADY
132Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» atly hakaton bäsleşigi geçirildi. Ol toparlaýyn bäsleşik görnüşinde guralyp, her okuw mekdebinden 3 talypdan düzülen bir topar gatnaşdy.
Bäsleşikde jemi 13 topar hödürlenen meselelerdir ýumuşlary çözmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Olar häzirki zaman geomaglumat ulgamlary boýunça taslamalary taýýarlap, uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljerme geçirmek (zondirlemek) bilen bagly maglumatlardan, mümkinçiliklerden peýdalanmak arkaly täze pikirleri öňe sürdüler.
Hakaton bäsleşiginde şu aşakdaky ýokary okuw mekdepleriniň toparlary ýeňiji boldy:
Baş baýrak — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty.
I orun — Türkmenistanyň Serhet instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.
II orun — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy.
III orun — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti.