ÝAŞLAR BAÝRAGYŇYZ GUTLY BOLSUN!
2116-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 426-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenilip, olardan 141-si bu arzyly baýragyň eýesi diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň hatarynda baýry ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri hem bar:
Resul Annaýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.
Begenç Baýramow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Dawud Döwletow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Gunça Burkazowa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Meýrem Jumaýewa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan edýärler.
Abraýly baýraga eýe bolanlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de sylag-serpaýlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.