HALKARA WE DÖWLET DEREJESINDE GEÇIRILEN BÄSLEŞIKLERDE ÝEŇIJI BOLAN TALYPLAR SYLAGLANYLDY
592025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde halkara we döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplary sylaglaýyş dabarasy geçirildi.
Hasyl toýy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk, Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guran IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy, «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigi uly üstünliklere beslendi. Baýramçylyk günlerinde daşary ýurtlarda abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyjylardan hem hoş habarlar gelip gowuşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen talyp ýaşlarynyň gazanýan şeýle uly üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatdyr.
Golaýda Malaýziýanyň Saýberjaýa şäherinde Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi geçirildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Kurbanow bäsleşige awtorlar bilen okyjylaryň arasynda aragatnaşygy guramaga niýetlenen «Synçy» saýtynyň taslamasy bilen gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy.
Ýakynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Silesiýa uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 7-nji Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasy geçirildi. Onda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Bazar Annamow şahsy hasapda we toparlaýyn bäsleşikde 2 bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, Startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça gatnaşyp, III orna hem-de Şa serpaýyna mynasyp boldy.
Dabarada şu bäsleşiklerde we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasynda, agrostartaplaryň bäsleşiginde diplomlara eýe bolan talyplar sylaglanyldy. Olara geljekde hem uly üstünlikler, okuwlarynda, ylym-bilim, hünär ýolunda rowaçlyklar arzuw edildi.
Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym-bilimli, ruhy taýdan kämil, watansöýüji nesil bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, beýik tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.