MUGALLYMLARYMYZ OKUW MASLAHATYNA GATNAŞMAK ÜÇIN HYTAÝDA SAPARDA BOLDULAR
89S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Allamyradow, mugallymy Mähri Hojamuhammedowa 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldular. Olar Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan döwletlerinden köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri bilen bilelikde Ýanlin şäherinde geçirilen Häzirki zaman maldarçylyk tehnologiýalary boýunça üçünji Merkezi Aziýa okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde «Hytaý Halk Respublikasynda maldarçylyk pudagynyň ösüşi», «Maldarçylykda bio-informatika we uly maglumatlar (Big Data)», «Iri şahly mallarda we goýunlarda embrion transplantasiýasynyň tehnologiýasy», «Iri şahly mallaryň genetiki resurslary we ýokary önümli sagdyn mallary ösdürip ýetişdirmek», «Ylym, tehnologiýa, garyplygy azaltmak we tehnologiýalary öňe sürmek», «Maldarçylyk senagatynyň geljegi, häzirki zaman ýagdaýy we meseleleri» temalary boýunça okuw sapaklarydyr çykyşlar guraldy. Mähri Hojamuhammedowa «Agriculture of Turkmenistan: culture, science and innovation» temasy boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Mugallymlarymyz 4-nji noýabrda Hytaýda we Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ylmy-tehniki maslahata gatnaşdylar. 5-nji noýabrda «Jingyang Vegetable Experimental and Demonstration Station», «Shaanxi Shengtang Dairy Co., Ltd.», «Shaanxi Meiling Dairy Co., Ltd.» ylmy-önümçilik tejribehanalarynyň, kärhanalarynyň ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de şol gün okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy guralyp, oňa gatnaşyjylara, çykyş edenlere Hormat hatlary gowşuryldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary 5 sany Hormat hatyna mynasyp boldular.
Ylym-bilim, oba hojalygy ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza dostlukly döwletde okuw sapagyna gatnaşmaga döredilen şertler üçin köp sagbolsun aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.