ALMATYDA ÝAŞAÝŞYŇ JAN DAMARLARY BOLAN BUZLUKLARY GORAMAGA BAGYŞLANAN OKUWLARA GATNAŞYLDY

82
2025-nji ýylyň 4-5 noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýaşaýşyň jan damarlary bolan buzluklary, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, bu babatda VR tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Ol Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) bilelikdäki «Durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak üçin toplumlaýyn usullary işläp düzmek maksady bilen Merkezi Aziýa buzluk ulgamlaryna baha bermekde sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde guraldy.

Maslahata ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Hojanepesow gatnaşdy. Şeýle-de okuw maslahatyna Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwlary Şweýsariýanyň Sýurih uniwersitetiniň mugallymlary geçdiler. Olar işläp taýýarlan «Glacier Lifelines» (Buzluk jan damarlary) innowasion wirtual reallyk (VR) taslamasy bilen tanyşdyrdylar. Ol buzluklaryň çekilýändigini, suw serişdeleriniň şeýle hadysalara baglylygyny, sebitde howanyň durnuklylygyny gazanmagyň örän zerurdygyny wirtual dünýäde açyp görkezýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan, täsirli VR syýahaty arkaly ulanyjylar buzluk ulgamlaryň we olaryň gidroenergetikadaky, oba hojalygyndaky, şeýle-de betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmakdaky ähmiýetine göz ýetirip bilýärler.

Geljekde VR okuw toplumlaryny Merkezi Aziýa ýurtlaryna gowşurmak we VR sapaklary arkaly bu bilimleri ýaýratmak meýilleşdirilýär.

Resulberdi ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň 
ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň dekany, mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52