MUGALLYMYMYZ GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNA GATNAŞDY

76
2025-nji ýylyň 26 — 31-nji oktýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde gury miweleri öndürmek we işlemek boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna Halkara söwda merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan oba hojalyk pudagynyň, eksport we logistika ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy, Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyr Amanow ýurdumyza wekilçilik etdi.

Halkara söwda merkezi (International Trade Centre – ITC) tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy tarapyndan guralan sebitleýin okuw maslahatynyň esasy maksady oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, ter we guradylan miweleriň öndürilişi, gaýtadan işlenilişi, saklanylyşy we eksport üçin taýýarlanylmagy barada döwrebap tejribeleri paýlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem bu okuw çäreleriniň dowamynda gatnaşyjylara halkara hil dolandyryşy, azyk howpsuzlygy, GAP we HACCP ýaly standartlar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Okuw maslahatynyň barşynda gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalar bilen tanyşdylar, özara pikir hem-de tejribe alyşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Halkara söwda merkeziniň wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Soňra bu ýerde guralan okuw maslahatlarynda guradylan miweleriň häzirki zaman önümçiligi boýunça wideo-prezentasiýalar görkezilip, täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi hem-de özara pikir alşyldy.

Sebitleýin okuw maslahatynyň dowamynda uniwersitetimiziň mugallymy Kadyr Amanow çykyş edip, Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, miwe önümleriniň saklanylyşy we ýerli şertlerde guradylan miweleri öndürmegiň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol ýerli önümçilik tejribelerini halkara tejribesi bilen utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy we ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny gowulandyrmak babatda çykyş etdi.

Ýeri gelende bellesek, ITC-niň wekilleri Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegine, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan başlangyçlara ýokary baha berdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52