AGROSTARTAPLAR BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

257
6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Hasyl toýy mynasybetli «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 70-e golaý talyp gatnaşyp, onlarça ylmy-taslama işleri hödürlendi.

Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň öňe sürýän agrostartaplarynda obasenagat toplumynyň dürli pudaklaryna degişli täzeçillikleriň bolmagy guwandyryjydyr. Bäsleşik şol gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat bilen utgaşdy.

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyda, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda ýaş alymlary, ylmy işgärleri taýýarlamak, goldamak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp geçirilen bu çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň sazlaşykly ösdürilýändiginiň nyşany boldy.

Bäsleşige gatnaşan ýaşlar ylma höweslidiklerini, zehin-başarnyklaryny, ylmy we hünär döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Bitarap eminler topary ylmy-taslama işlerine mynasyp baha berdiler. Ylmy esasly agrostartaplary geljekde önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet ýaşlar syýasatynda ýaş alymlara, ylmy-taslama işlerini taýýarlaýan talyplara aýratyn üns we giň goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52