TALYP GELIN-GYZLARYŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GURALDY

30
2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda «Gyz edebi — il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Millilik, däp-dessurlarymyz, asylly ýol-ýörelgelerimiz, arassa ahlaklylyk, edep kadalarymyz hakynda giňişleýin söhbet edilen çärä uniwersitetimiziň halypa mugallymlary gatnaşdylar.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar, maşgala mukaddesligi, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň miweleri wagyz edildi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýurdumyzda demografik ösüşiň ýokarlanmagyna ata-babalarymyzdan gelýän sagdyn milli düşünjelerimiz bilen birlikde, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň möhüm täsir edýändigi bellenýär.

Nygtalyşy ýaly, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň hataryndaky zenanlaryň nusgalyk ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. «Paýhas çeşmesi» kitabynda gyz edebiniň il edebidigi nygtalýar. Zenan maşgala her bir öýüň bezegi, buýsanjy hasaplanýar. Halkymyzda «Zenan begense, Zemin begener» diýen ganatly sözler bar. 

Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr, ojagyň abadançylygydyr. Türkmen zenanlarynyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň berkidilmegi, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler buýsandyryjydyr. Türkmen zenanlarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekdäki, milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekdäki we nesil terbiýesindäki orny uludyr.

Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulmaral TAHYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji
zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52