«TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WE TAZYSYNYŇ ÝETIŞDIRILMEGI: TARYHY, MEDENIÝETI WE SUNGATY» ATLY V HALKARA YLMY MASLAHAT GURALDY

37
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly V halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaý güjükleri, kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Bu ýerde uniwersitetiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary maslahata gatnaşyjylara ruhy joşgun berdi.

Maslahatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Maslahatda türkmen alabaýynyň halkymyzyň kemala getiren ajaýyp gymmatlygy we milli buýsanjydygy, alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň milli tejribesi, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada bellediler. Şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper keşbi hakynda aýdylanlar, beýan edilen gymmatly taryhy maglumatlar hem örän täsirli boldy. Şeýle-de türkmen tazysynyň halk seçgiçiliginiň we tebigatyň ajaýyp miwesidigi, onuň dowardarçylykdaky ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary, oňyn başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir. Ýokarda agzalan assosiasiýanyň mejlisiniň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň, sergidir halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we idetmek boýunça döwrebap desgalar toplumlary guruldy. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy alabaýlary goramakda giň gerimli işleri alyp barýar. Alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary kämilleşdirilip, «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmen alabaýy — Wepaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, «Türkmen alabaýy» goşgusynda milli gymmatlygymyza aýratyn sarpa goýulýandygyny bellediler. Milli Liderimiziň bu kitabynda alabaýlaryň türkmen halkynyň iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýändigi nygtalýar. Ol häsiýetler batyrlyk, edermenlik, wepalylyk hem-de asyllylykdyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açylan kinologiýa taýýarlyk ugrunda ylym-bilim alýan talyp ýaşlar geçýän nazary we amaly okuwlarynda bu gymmatly eseri gollanma edinýärler.

Ýurdumyzda milli itşynaslyk sungatynyň rowaçlanýandygy, alabaýlar hakyndaky ylmy-barlag işleri, olaryň taryhynyň we aýratynlyklarynyň öwrenilişi hakynda aýdylanlar, täze ylmy esasly maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirilip, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.

«Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly V halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52