OKUWÇYLARYŇ EKOLOGIÝA MEDENIÝETINI ÖSDÜRMEK UGRUNDA

32
Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde türkmen halkynyň maddy gymmatlyklaryny ýaş nesillere giňişleýin öwretmek maksady bilen döredijilik duşuşygy, tebigy bilimler boýunça okuwlar guraldy. Olar okuwçylaryň güýzki dynç alyş döwrüniň netijeli geçmeginde örän netijeli boldy. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy häzirki zaman ylmy gazanylanlar bilen utgaşdyrmak hakynda maslahatlaryny berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzyň mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawa, tebigata söýgüsini artdyrmak, olarda döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň dowamynda umumybilim berýän mekdepler bilen bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda guralan çärede ýetip gelýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň ähmiýeti hem wagyz edildi.

Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary derejeli halkara çärelerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda, bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda howanyň üýtgemegi, bioköpdürlüligiň ýitirilmegi, çölleşmek, buzluklaryň eremegi we daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde abadançylygyň bähbidine möhüm başlangyçlary öňe sürýändigi düşündirildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, döwletimiziň howanyň üýtgemegi, topragyň zaýalanmagy hem-de suw serişdeleriniň gorlarynyň azalmagyna garşy göreş boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini ileri tutýandygyny nygtady. 

Okuwçylar ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, döredilen mümkinçilikleri we gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyryldy. Soňra olar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Haýwanat dünýäsi muzeýine, Ýyladyşhana toplumyna, tejribehanalaryna gezelenç etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52