TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

15
22-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Onuň umumy mejlisinde türkmen alabaýynyň ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň, wepalylygyň nusgasydygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýandygy, türkmen halk döredijiliginde alabaýyň keşbi, umuman, alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygy hakynda çykyşlar diňlendi. Uniwersitetiň Medeniýet merkeziniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen maslahatyň dabarasyny artdyryp, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet berdi.

Soňra maslahat «Türkmen alabaýy halkymyzyň mizemez medeni mirasydyr», «Türkmen alabaýy — edermen goragçy we wepaly dost», «It — çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, «Türkmen alabaýy» atly goşgusynda milli gymmatlygymyzyň waspy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alabaýlary goramakdaky orny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunyň ähmiýeti barada beýan edildi.

Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen alabaýlarynyň sarpalanyşy, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde toýlanýan Türkmen alabaýynyň baýramynyň, şu mynasybetli geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiň ähmiýeti, ýurdumyzdaky türkmen alabaý itleriniň döwrebap merkezleri barada nygtaldy. Çykyşlarda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň itşynaslara belent sarpanyň nyşanydygy, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynda milli gymmatlygymyzyň waspy, türkmen alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary, şol sanda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň esasydygy, it eýeleriniň hukuklary, borçlary, türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi we meşhur türkmen kinologlary, türkmen aw tazysy, halkara kinologiýa guramalarydyr itleriň halkara bäsleşikleri, sergileri, dünýä belli türkmen itleri hem-de türkmen alabaýynyň heýkelleri hakynda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52