ÝURDUMYZYŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDAKY DERS BÄSLEŞIKLERINE BADALGA BERILDI

63
2025-nji ýylyň 20 — 25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 6 ders, ýagny matematika, fizika, informatika, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy boýunça bäsleşikler geçirilýär. Ol şahsy bäsleşik görnüşinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda dowam edýär. Ders bäsleşikleriniň Düzgünnamasyna laýyklykda, oňa her ýokary okuw mekdebinden her dersden 4 talyp gatnaşýar.

Her ýyl guralmagy däbe öwrülen ders bäsleşikleri «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

20-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ders bäsleşikleriniň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, şol sanda tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Dabarada bäsleşigiň guramaçylykly we netijeli geçmegi, oňa gatnaşyjylara uly üstünlikler, eminler toparyna hem işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän ders bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar. Olar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52