MUGALLYMLARYMYZYŇ «OBA HOJALYK ÖNÜMÇILIGINI GURAMAK WE DOLANDYRMAK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
12Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Şeker Permanowanyň hem-de Sülgün Garajaýewanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Oba hojalyk önümçiligini guramak we dolandyrmak» atly okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi.
Kitap girişden hem-de 32 bapdan ybarat bolup, onda oba hojalyk önümçiligini guramagyň wezipeleri, usullary, ýöriteleşdirilişi, pudaklaryň utgaşdyrylyşy, pudakda içki hojalyk meýilnamalaşdyrmagy, çaklamagy we hasaplaşygy guramak, önümçilik serişdeleriniň guralyşy barada bilim-düşünjeler jemlenendir. Awtorlar bu işinde oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümi we olaryň peýdalanylyşynyň guralyşy, oba hojalyk önümçiliginde ulag serişdeleriniň guralyşy, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň işiniň guralyşy, oba hojalyk önümçiliginde kärende gatnaşyklaryny, telekeçilik işini guramak, netijelilik barada giňişleýin maglumat berýärler. Şeýle-de oba hojalygynda ekerançylyk, maldarçylyk pudaklarynyň guralyşy, zähmetiň ylmy esaslary, kadalaşdyrylyşy, zähmete hak tölemegiň aýratynlyklary hakynda beýan edilýär.
Okuw kitabynda oba hojalyk önümçiligini dolandyrmagyň nazaryýet esaslary, ýörelgeleri, dolandyryş tehnologiýasy, strategiýasy, pudagy dolandyrmagyň wezipeleri, oňa gözegçilik baradaky temalar anyk mysallar arkaly düşündirilýär. Onda dolandyryşdaky dartgynly ýagdaýlar, oba hojalyk önümçiliginde marketingiň aýratynlyklary, pudakda maliýe dolandyrylyşynyň esaslary, hojalyk çözgütleri, önümçilikde innowasiýany, işgärleri we iş wagtyny dolandyrmak, dolandyryşyň maglumat üpjünçiligi bilen baglanyşykly temalar degişli baplarda düşündirilýär. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalarynyň dolandyrylyşy, önümçiligi dolandyrmakda motiwasiýanyň ulanylyşy hakynda möhüm maglumatlar bar. Ähli temalar beýan edilende hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alynýar.
Bu okuw kitaby oba hojalygy boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenler we beýlekiler hem peýdalanyp bilerler.