GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE

11
Şeýle at bilen 15-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary, milliligimiz, däp-dessurlarymyz, edep-terbiýelilik, maşgala mukaddesligi ýaşlara wagyz edildi. «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Çärede S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ogulmaral Tahyrowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş muzeýi bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy Gülşirin Hanowa, Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ogulbibi Hojatowa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa dagy çykyş etdi. Olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan hormat-sarpa, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny dogrusynda buýsançly gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň many-mazmuny, onda öňe sürülýän milli ahlak ýörelgelerimiz, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus asyllylyk, agraslyk, päkizelik ýaly häsiýet-sypatlar barada bellediler.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaç almagyny arzuw edip, egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52