UNIWERSITETIMIZ ABRAÝLY HALKARA FORUMA GATNAŞÝAR
5310 — 12-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň pawilýonynda oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler, agrosenagat toplumyny ylmy esasda ösdürmek boýunça ylmy-barlaglaryň miweleri, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşi hakynda maglumatlar berilýär. Onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, täze oba hojalyk edebiýatlary, oba hojalygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly maketler, taslamalar görkezilýär. Şeýle-de sergä gatnaşyjylar uniwersitetiň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri, şol sanda diplomlarydyr medallary bilen tanyşdyrylýar.
10-njy oktýabrda uniwersitetimiziň wekilleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşdylar.
Bu foruma gatnaşyjylar bilim ojagymyzyň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirýärler hem-de ýokary baha berýärler. Ol saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyndaky täze tehnologiýalardyr önümler bilen tanyşmak, bu ugurlarda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.