TALYBYMYZYŇ TASLAMASY HALKARA BÄSLEŞIKDE ALTYN MEDALA MYNASYP BOLDY
4012025-nji ýylyň 24 — 28-nji sentýabry aralygynda Malaýziýanyň Saýberjaýa şäherinde ýurduň Ýaş alymlar guramasy bilen Multimedia uniwersitetiniň guramagynda Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi (World Sustainable Development Goals Challenge — WSDG 2025) geçirildi. Halkara bäsleşige 17 döwletden — Türkmenistandan, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Tailanddan, Filippinlerden, Bangladeşden, Rumyniýadan, Braziliýadan, El-Salwadordan, Gazagystandan, Bosniýa we Gersegowinadan, BAE-den, Müsürden, Hindistandan, Palestinadan, Wýetnamdan, Gwatemaladan 2100-den gowrak taslama işi hödürlenildi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 2-nji ýyl talyby Yhlas Kurbanow bäsleşige awtorlar bilen okyjylaryň arasynda aragatnaşygy guramaga niýetlenen «Synçy» saýtynyň taslamasy bilen gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy. Bu taslama durnukly ösüşiň 4-nji — «Hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin bütin ömrüň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» maksadyna laýyklykda taýýarlanyldy. Halkara eminler topary bu taslama ýokary baha berdiler hem-de ony geljekde ösdürmekde üstünlikleri arzuw etdiler.
Bu saýt kitaplaryň hilini kämilleşdirmekde, kitap okamaga höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Oňa awtorlar kitaplaryny, ýazan işlerini ýükleýärler, olary okan okyjylar eden bellikleri, ýüze çykaran ýalňyşlyklary üçin höweslendirilýär. Bu saýt awtor bilen okyjynyň arabaglanyşygyny ösdürýär. Saýtyň gurluşy HTML, dizaýny CSS, işleýşi JavaScript, serwer bölegi, logikasy Django-Python framework arkaly taýýarlanyldy. Ol bu saýty döretmek pikiriniň uniwersitetde sapak wagty dörändigini, mekdep ýyllaryndan programma dilleri bilen gyzyklanýandygyny aýdýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen talyplarynyň halkara derejede gazanýan şeýle üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr.
Azamat AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.