STEM ULGAMY BOÝUNÇA «BILIM — PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
192025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli STEM ulgamy boýunça «Bilim — parahatçylygyň gözbaşy» atly bilim bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň 17 ýokary okuw mekdebinden 70-e golaý talyp, ýagny Düzgünnama laýyklykda, her ýokary okuw mekdebinden 4 talypdan ybarat bolan bir topar gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde uly wezipeleriň durýandygyny, şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi möhüm hasap edýändigini belleýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýäris» diýip belleýär. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermegi biziň esasy wezipelerimiziň hatarynda goýýar. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegiň biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydygyny nygtaýar.
«Bilim — parahatçylygyň gözbaşy» atly bilim bäsleşigi «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen guraldy.
Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrda gatnaşyjylara STEM ulgamyna laýyklykda ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ýaly ugurlara degişli ýumuşlar hödürlenildi. 2-nji tapgyrda olara guramaçylyk topary tarapyndan STEM çemeleşmesi arkaly toparlaýyn çözmeklik talap edilýän ýumuş hödürlendi. Gatnaşyjylar 2-nji tapgyrda taslama işi boýunça taýýarlanan prezentasiýalary bilen çykyş etdiler.
Taýýarlanan taslamalara täzeçilligi we ylmylygy; häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy; inženerçilik çözüwleriniň peýdalanylyşy; maglumatlaryň takyklygy we aýdyňlygy; beýan edilişiniň yzgiderliligi; taýýarlanyş we bezeliş derejesi; ýerine ýetirilende ähli 4 ugruň hem ulanylyşy; ekologik we ykdysady netijeliligi; önümçilik ähmiýeti boýunça baha berildi. Bäsleşige gatnaşan talyplar STEM ulgamy we hünär, taýýarlyk ugurlary boýunça taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler.
Meretmuhammet HOJANEPESOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat
ulgamlary we sanly tehnologiýalar
kafedrasynyň mugallymy.