«MUKADDES GARAŞSYZLYK — BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
1632025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk — berkararlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onuň umumy mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähli ösüşlere badalgadygy, onuň miweleri, Garaşsyzlyk nesli hakynda çykyş etdiler.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris» diýip belleýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji ýubileý sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň toplumlaýyn çemeleşmelerini öz içine alýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny ýaýbaňlandyrmak we onuň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir.
Soňra maslahat «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi dowamat dowam», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny» atly bölümçelere dowam etdi. Olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň dabaralary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde Garaşsyzlygyň gymmaty hakynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler, azyk garaşsyzlygy, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy, Garaşsyzlyk aňyýeti we millilik, beýik şahsyýetlerimiziň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Garaşsyzlyk ýörelgeleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim, oba hojalyk ulgamlarynyň ösüşi hakynda çykyşlar diňlenildi.