ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA 6 DERS BOÝUNÇA BÄSLEŞIKLER GEÇIRILER

258
19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir» diýip belledi. Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Milli bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2025-nji ýylyň 20 — 25-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 6 ders, ýagny matematika, fizika, informatika, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy boýunça bäsleşikleri yglan etdi. Ol şahsy bäsleşik görnüşinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçiriler. Ýeňijiler diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden her dersden 4 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdebi talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli Düzgünnamada görkezilen elektron salga ugratmalydyr.

Ders bäsleşikleriniň Düzgünnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz. Talyp deň-duşlarymyza bäsleşiklerde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris.

Atamyrat MUHYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52