ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ 3 DERS BOÝUNÇA BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI

231
Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikde bäsleşikleri geçirmäge aýratyn üns berilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 3 ders — matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşigini yglan edýär.

Oňa ýurdumyzyň her bir orta hünär okuw mekdebinden her dersden 4 talyp gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän orta hünär okuw mekdebi talyplar we ýolbaşçy mugallymlar barada maglumaty nusga laýyklykda dolduryp,  2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli düzgünnamada görkezilen elektron salga ugratmaly.

Bäsleşigiň 1-nji (welaýat) tapgyry 2025-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda onlaýn görnüşinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler. 2-nji (döwlet) tapgyry bolsa 2025-nji ýylyň 24 — 26-njy noýabry günlerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda guralar. Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň doly düzgünnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Lukmanhekim SÜLEÝMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52