ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

13
15-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň  bilim ulgamynyň, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň biraýlygy ýokary derejede geçirmek boýunça ähli çäreleriň, aýratyn-da, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak babatdaky çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak hakynda tabşyryklaryndan ugur alnyp guraldy.

Duşuşykdaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň işi utgaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde meýilnamalaýyn çärelere giň gerim berilýär. Olaryň esasy maksady ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň uly jogapkärçilik çekýändigini ündemekden ybaratdyr.

Çykyş edenler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda düzgünleri, standartlary, tehniki kadalary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary düşündirdiler. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň many-mazmunyny wagyz etdiler. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek, herekete gatnaşýanlar bilen bir hatarda özüňi medeniýetli alyp barmak hakynda giňişleýin düşünje aldylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52