GERMANIÝADA TEJRIBELIK GEÇJEK TALYPLAR BILEN SANLY ULGAM ARKALY OKUWLAR GURALÝAR
44Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlarda okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmekleri indi däbe öwrüldi. «Oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşinişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde «John Deere International GmbH» kompaniýasy bilen hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk netijeli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk, Bilim ministrlikleriniň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça bilim alýan talyplary we olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar 2025-nji ýylyň 12 — 21-nji sentýabry aralygynda bu kompaniýanyň Ýewropadaky edara-kärhanalarynda öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen tanyşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt, Mangeým şäherlerinde okuw saparynda bolarlar. Onuň esasy maksady talyplaryň we mugallymlaryň oba hojalyk tehnikalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary baradaky bilim-tejribelerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Şu günler okuw saparyna taýýarlygyň çäklerinde «John Deere» kompaniýasynyň hünärmenleri «John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikalary we olarda ulanylýan iň täze tehnologiýalar boýunça okuwlary geçýärler. Daşary ýurtda bilim-tejribelerini baýlaşdyrjak talyplaryň gatnaşmagynda 6B, 6M kysymly traktorlar, «John Deere» däne, pagta ýygýan kombaýnlary, pürküjileri, sanly oba hojalyk tehnologiýalary we olaryň ösüş ugurlary hakynda temalar boýunça sanly ulgam arkaly okuwlar guralýar.
Okuwlaryň dowamynda ýüze çykan sowallara takyk jogap berilmegi hem-de käbir sowallaryň köpçülik tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Bu okuwlarda we hünär derslerinde özleşdirilen bilimler ýakynda dostlukly döwlete okuw saparynda has-da berkidiler.
Myratberdi MYRATBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.