HALK MASLAHATYNYŇ MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI DABARALANDYRÝANDYGY WAGYZ EDILDI

49
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hem-de ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri çykyş etdiler.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, milli demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilendigine üns çekdiler. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlary, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Karary kabul edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen mejlisleriniň möhüm wezipeleridir. Şulardan ugur alnyp, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemlener. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy» atly wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň goşa ganaty bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň talyplarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52