HYTAÝYŇ OBA HOJALYK TEJRIBESI ÖWRENILDI

56
9 — 18-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynda oba hojalyk ýerlerini ösdürmek boýunça geçirilen okuwlara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldular.

Saparyň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalygyny dolandyryş institutynyň, Oba hojalygynyň we ykdysadyýetiniň ösüşini öwrenmek merkeziniň alymlarydyr hünärmenleriniň okuw sapaklaryna gatnaşyldy. 

Okuwlar Hytaýyň oba hojalyk ýerleriniň integrirlenen ösüşi, oba ýerlerinde mätäçlik bilen göreşmek, oba ýerlerini ösdürmegiň netijelerini peýdaly integrirlemek, obalaryň infrastrukturasy we gurluşy hem-de dolandyrylyşy, oba hojalygynda sany ulgamyň ösüşi, kooperatiwleriň üsti bilen kiçi hojalyklary ösdürmek hem-de goldamak, oba hojalyk ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly boldy.

Okuwlarda şaly, bugdaý, mekgejöwen, gowaça ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmek we oba hojalygynyň durnukly ösüşini üpjün etmek barada pikir alşyldy. 

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Weýfan şäherine, obalaryna, gök önümler önümçilik sebitine, oba hojalyk toplumyna baryp gördüler we iş tejribelerini öwrendiler. Şeýle hem «Weichai Lovol Heavy Industry» traktor zawodyna baryp, täze traktorlaryň, oba hojalyk gurallarynyň önümçiligi bilen tanyşdylar. Bu sapar özara tejribe alyşmakda, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän netijeli boldy.

Ýagmyr ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52