ARZYLY ARZUWLARYM HASYL BOLDY

71
Leýli GELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Ylym-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýji, nurana geljegidir. Diýarymyzda hünärine ussat, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli ýaşlaryň okuwa kabul edilip, hünär öwrenmekleri üçin döredilýän şertler hem muny aýdyň tassyklaýar.

Men baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebi tamamlap, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döredilýän şertler, okuwçy döwrümde gazanan üstünliklerim meniň geljekde ýurdumyzyň suw hojalyk pudagy üçin gerekli hünärmen bolmagyma — gidromeliorasiýa hünärinde okamagyma giň ýol açdy, arzyly arzuwlarym hasyl boldy.

Dürli ýyllarda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikde fizika dersinden etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji boldum. Geçen ýyl «Oguz hanyň zehinli nesilleri» integrirlenen olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdim. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen internet bäsleşiginde döwlet derejesinde ikinji orna mynasyp boldum. Şol ýyl ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasyndaky fizika dersinden bäsleşige işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň minnetdarlyk haty bilen sylaglandym.

Mary welaýat Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde skripka hünäri boýunça okap, 2022-nji ýylda ony üstünlikli tamamladym. Hünär öwrenjek ýokary okuw mekdebimde kämil bilim alyp, «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň hatarynda çykyş etjek günlerime-de sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Ýaşlary döwletimiziň kuwwatly güýjüne, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegine deňäp, mähir-söýgi bilen gurşaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52