PROFESSOR-MUGALLYMLARYMYZ HEM-DE TALYP ÝAŞLARYMYZ BMG-niň AWAZA FORUMYNA GATNAŞÝARLAR

85
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna we onuň çäklerindäki birnäçe ugurdaş çärelere gatnaşýarlar, meýletinçiler hökmünde olaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam edýärler. Has takygy, ýokary okuw mekdebimiziň 9 meýletinçi talyby hem-de 1 mugallymy forumda terjimeçilik, guramaçylyk işlerine gatnaşýar. Olar Ýaşlar forumyna hem-de onuň çäklerindäki Nesilleriň arasyndaky dialoga hem-de mowzuklaýyn bölümçelere hem gatnaşdylar.

Şeýle-de forumyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) sanly oba hojalyk we innowasiýalar üçin sanly döwlet harytlaryna bagyşlanan mejlisi hem geçirildi. Oňa gatnaşyjylar elýeterli programma üpjünçiliginiň, maglumatlaryň, standartlaryň oba hojalyk pudagyny özgertmäge hem-de DÇBÖBD-niň giňişliginde innowasion ösüşe, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýaşaýyş serişdeleriniň gowulandyrylmagyna nähili ýardam edýändigine ünsi çekdiler. Şunda bu ýurtlaryň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy, olaryň ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin giň zolakly internete elýeterlilige, sanly torlara, energetika ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52