GALKYNYŞLY DÖWRÜŇ TALYBY BOLDUM!
124Abadan JUMAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly meniň durmuşymda iň bir şatlykly ýyllaryň biri boldy. Şu ýyl arzyly hünärimi öwrenmäge, ýokary bilim almaga hukuk gazandym — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby boldum.
Ýurdumyzda bilimiň üznüksizligine, ýaşlaryň yzygiderli kämilleşmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Mundan ozal Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebini tamamladym. Okan döwrümde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen ders bäsleşiginde matematikadan döwlet derejesinde 1-nji orna eýe boldum.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň hünär bilim ojaklarynyň sany artdyrylýar we olar häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy-taslama, döredijilik işlerimi dowam edip, bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk boýunça bilimleri, sanly tehnologiýalary içgin özleşdirmegi maksat edinýärin.
Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun.