«HÜNÄRLI ÝIGIT — MIWELI AGAÇ»

139
Azym AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýer gurluşygy we kadastrlar hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Il içinde «Ýeri eý gör — eklär...», «Ýer bir ýigidiň bagtyny açmak üçin kyrk ýyllap garaşarmyş» diýilýär. Meniň bagt hemram boljak hünärim hem ýer bilen baglanyşykly. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy toýlanylýan ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýer gurluşygy we kadastrlar hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Ýigit görki — hünär» diýen pähimleri döreden pederlerimiziň sargytlaryna eýerýän ýaşlarymyz bilen bir hatarda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma örän buýsanýaryn.

Men geçen ýyl Aşgabat şäherindäki 114-nji orta mekdebi tamamladym. Okuwçy wagtlarym sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, gazanan üstünliklerim meniň talyp bolmagyma-da ýardam etdi. Gatnaşan ýaryşlarymyň hatarynda dzýudo boýunça Aziýa çempionaty, türkmen milli göreşi boýunça ýurt derejesindäki ýaryşlar bar. 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgenleşdim. 

Sport bilen birlikde, daşary ýurt dillerini — iňlis, rus dillerini öwrenmäge höwesim uly. Okuwa giren uniwersitetimde sport bilen meşgullanmak, dil öwrenmek üçin döredilen döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp, geljekde has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyma, kämil hünärmenleriň biri bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.

Ýurdumyzda bilim-ylym ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelerden ruhlanýan bagtyýar talyplar bolup Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny dileg edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52