TALYPLYK DÜNÝÄSI — KÄMILLIK DÜNÝÄSI

116
Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde giriş synaglary dowam edýär. Olardan üstünlikli geçýän dalaşgärler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyplygyň — kämilligiň dünýäsine gadam basýarlar. 

Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, synaglar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibi esasynda alnyp barylýar. Oňa laýyklykda, zehinli, mynasyp ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplan zähmetsöýer ýaşlaryň ýokary okuw mekdebimize kabul edilmegi üpjün edilýär. Şeýle zehinli ýaşlaryň, şanly ýylda «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby» diýen buýsançly ada mynasyp bolanlaryň ýürek buýsançlaryny yzygiderli saýtymyzyň okyjylaryna ýetireris.

Gülnar ESENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýilbag hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ajaýyp döwrümiziň bagtly talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanjymyň çägi ýok. 

Men şu ýyl Aşgabat şäherindäki Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebi üstünlikli tamamladym.

Mekdepde okan döwrümde halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşdym, şol sanda 2024-nji ýylda «Purple Comet» halkara internet olimpiadasynda birinji orna eýe boldum. Ýaşlygymdan sport bilen gyzyklanýaryn, küşt, şaşka, düzzüm oýnamagy gowy görýärin. Bu sport görnüşleri boýunça paýtagtymyzda geçirilen ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiji boldum. Mekdepdäki okuwlarymdan daşary dil merkezlerinde iňlis, rus, pars dillerini öwrendim.

Tikinçilik bilen hem meşgullanýaryn. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem tikinçilik gurnagynyň hereket edýändigine, ýörite tikinçilik sehiniň bardygyna begenýärin.

Mekdepde okan döwrümden bäri topragyň ekologiýasy boýunça ylmy taslama işimi taýýarlaýaryn. Geljekde bu işimi kämilleşdirip, talyplaryň hatarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşmagy, saýlan hünärimiň ussady bolmagy arzuw edýärin.

Biz — ýaşlary kalbymyzda beslän arzuwlarymyza ýetirýän, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesliň döwrebap ylymly we bilimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52