«C5+O.N.E.» MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE ALMATYDA GURALAN OKUWLARA GATNAŞYLDY

85
Şu ýylyň 7-nji iýuly — 4-nji awgusty aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň çäklerinde iňlis dili mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw we orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary gatnaşdylar. Maksatnama S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili hökmünde gatnaşyp, onuň sapaklaryny üstünlikli tamamlap, 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandym.

Bu maksatnama Merkezi Aziýa döwletlerinden ýokary okuw we orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň daşary ýurt dilini okatmagyň inçe syrlaryny paýlaşmaklaryna, öz hünärlerini kämilleşdirmeklerine, sapakda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ulanmaklaryny gazanmaga gönükdirilendir. Ol özara baglanyşykly üç tapgyrdan ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyrynda, ýagny 2025-nji ýylyň 13-nji maýy — 9-njy iýuny aralygynda  20 sagatlyk onlaýn okuwlar geçirildi. 2-nji tapgyrda Gazagystanyň Almaty şäherinde bir aýlyk (146 sagat) intensiw, ýüzbe-ýüz okuwlar guraldy. Olary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň mugallymlary alyp bardylar. 2025-nji ýylyň sentýabry — 2026-njy ýylyň maýy aralygynda dowam etjek 3-nji tapgyrda bolsa aragatnaşyk torlaryny döretmek, hyzmatdaşlyk we hünär taýdan ösüş çäreleri (80 sagat) guralar.

Maksatnama gatnaşyjy mugallymlar 15 minut mikro-sapaklary we 40 minutlyk makro-sapaklary okadyp, maksatnamany üstünlikli tamamlap, ýörite şahadatnama mynasyp boldular. 

Şasenem AŞYRBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň diller 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52